Dünýäniň iň gür ilatly şäheri

2035-nji ýylda dünýäniň iň gür ilatly şäheri Indoneziýanyň paýtagty Jakarta bolar.Bu barada “Oxford Economics” ylmy-barlag institutynyň çaklamalarynda bellenilip geçilýär.Barlaglaryň netijesine görä, ýene-de 16 ýyldan Jakartanyň ilat sany 38 milliona golaýlar.

Bu sanawda ikinji orun Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine berildi.Bu şäheriň ilaty degişli döwürde 37,8 milliona barabar bolar.Olaryň yzynda Hytaýyň merkezi bölegindäki Çunsin şäheri ýerleşer. Çaklamalara görä, bu şäheriň ilaty 32,2 milliona ýeter.16 ýyldan soňra iň gür ilatly şäherleriň ilkinji onlugynda Dakka (31,2 mln), Şanhaý (25,3 mln), Karaçi (24,8 mln), Kinşasa (24,7 mln), Lagos (24,2 mln), Mehiko (23,5 mln) we Mumbaý (23,1 mln) ýaly şäherler bolar.Ylmy-barlag işlerinde 2019-2035-nji ýyllar üçin ykdysady ösüş görkezijileri hem seljerildi.

Maglumatlara görä, esasy ykdysady ösüş Hindistanyň şäherlerinde amala aşyrylar.Bu ugurda Surat, Agra we Bangalor ýaly şäherlerde oňat netijeleriň gazanylmagyna garaşylýar.Çaklamalara laýyklykda, 2035-nji ýylda Nýu-Ýork iň güýçli ykdysadyýete eýe bolan şäher bolar.

Ikinji we üçünji orunlarda degişlilikde, Tokio hem-de Los-Anjeles bolar.

Ýene degişli makalalar

Guterriş: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş ýurtlaryň ýok bolmagyna getirer
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Türkmenistan Russiýanyň we Eýranyň arasynda synag ýük daşalşyna gatnaşyp biler
Bolliwudyň ägirt aktýory, ilkinji Hany aradan çykdy
Rowaýaty hindi aktýory aradan çykdy