ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy

ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy

Amerikanyň ESPN sport portaly russiýaly boksçy Dmitriý Biwoly 2022-nji ýylyň iň gowy boksçysy hökmünde ykrar etdi.

2022-nji ýylyň dowamynda Dmitriý Biwol ik tutluşyk geçirip, olaryň ikisinde hem ýarym agyr agram derejesindäki WBO Super çempionlyk guşagyny üstünlikli goramagy başardy.Has takygy, Biwol 2022-nji ýylyň maý aýynda meksikaly Saul Alwarezi eminleriň biragyzdan gelen netijesi boýunça ýeňlişe sezewar eden bolsa, noýabr aýrynda ýene-de eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda başga bir meksikaly boksçy Hilberto Ramiresden rüstem geldi.

ESPN sport portalyndan başga-da, Bütindünýä boksçylar assosiasiýasy hem Dmitriý Biwoly 2022-nji ýylyň iň gowy boksçysy diýip yglan edipdi.

Ýeri gelende bellesek, Biwol professional karýerasynyň dowamynda 21 tutluşyk geçirip, şolaryň ählisinde (11-sinde nokaut arkaly) ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar
ÄRSARY ÝOLUNYŇ USSATLARY
Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar
Waşingtondaky Halkara pul gaznasynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi geçirildi
Bol hasyl ugrundaky alada geljekki üstünlikleriň girewi