Etiň bahasy ýokarlandy

Aşgabadyň bazarlarynda mal etlerniň bahasy ýokarlandy. Indi bir hepde bäri ozalky 30-manatdan satylýan sygyr hem goýun etlerniň bahasy 35-manatdan, doňuz etiniň bahasy 36-manatdan alyja satylýar. Gülüstan söwda merkezinde 35-manatdan satylýan etleri kä bir satyjy ylalaşyp berjekdigni aýdyp, alyja 33-manatdan hödür ediýärler. Etiň alyjysy juda az.

Ozal döwlet tarapyndan gözegçilik edilip, bahany 18-manatdan ýazyp goýýardylar.Häzir bu ýazgy ýok.Etiň bahasy ýazylan sennik asla ýok.Etiň bahasyny alyjydan sorap eşitmeli.

Döwlet emeldarlary bazar bahasyna kontrollyk edip bolmajakdygyna gözleri ýetip, bahany erkin göýberene meňzeýär. Şeýlede bolsa, näme üçindir, Bereketli bazarynda etiň bir kilogramy 24-manatdan diýip ýazylyp goýulypdyr.Emma satyjy eti 35-manatdan hasaplaýandygny aýdyýar.

Nägilelik bildiren alyja satyjy çylkasy aýrylan süňkli eti 24-manatdan berýändigni aýdýar.

Bu ýagdaý ozal ähli bazarlarda etiň bahasyny 18-den satmaga görkezme berilende şeýle edilýärdi. Bereketli bazarynda ozalky ýagdaý ýene dowam ediýär. Emma Gülüstan söwda merkezinde, 35-manatdan etiň islendik bölegini çekip berýärler.

Ýene degişli makalalar

27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gyssagly! Daşogzuň ýaşaýjylary çagalar baglaryndaky tölegleriň on esse gymmatlandygy sebäpli häkimligiň öňünde protest aksiýasyny gurnadylar
Daşoguzda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagyny adamlar protest edýärler
Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar
Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna syn. Aziada wagty we ondan soňra
Türkmenistanly zähmet migrantlary Stambulda miting geçirdiler (wideo)