Ewerestden hem uly kometa Ýere golaýlaýar

Ewerestden hem uly kometa Ýere golaýlaýar

Ýere tarap uçup gelýän kometany golaý günlerde adaty göz bilen synlap bolar. Ol biziň planetamyzyň ýanynda 70 ýylda bir gezek peýda bolýar.

Pons-Bruksyň kometasy kriýoýanardag toparyna degişlidir, haçan-da onuň içi gyzyp, basyş ýokarlananda, tozan, gaz we buz böleklerini pürkýär. Şeýle çogmalaryň birinden soňra onuň töwereginde şahy ýatladýan tüsse emele geldi, şonuň üçin oňa Arwahyň kometasy diýip at berdiler.

Kometanyň ýadrosynyň diametri 20 kilometre deň, ol Güne 21-nji aprelde has ýakyn geler.

Alymlar öňdäki hepdelerde kometanyň ýagtylygynyň artjakdygyny aýdýarlar. Ol Andromeda ýyldyzlar toparyndan Balyklara tarap süýşýär. Arwahyň kometasy ýagty şöhle saçýan ýyldyzlaryň golaýyndan geçer, şonuň üçin ony kesgitli senelerde has aýdyň görmek bolar. 31-nji martda kometa Hamal ýyldyzyndan 0,5 gradus aralykda bolar.

Astrofizikler onuň Demirgazyk ýarymşarda has oňat görünjekdigini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşmasyndan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berer, Türkmenistanyň baýdagy dünýäniň iň belent ikinji dag depesinde çykaryldy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar
Syýahatçylar üçin dünýäniň iň howply ýerleri
Nýu-Delide Zibil Eweresti ýandy
MUNY BILMEK GYZYKLY
Hytaýly alymlar Ewerestiň ösýändigini anykladylar