Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşmasyndan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berer, Türkmenistanyň baýdagy dünýäniň iň belent ikinji dag depesinde çykaryldy we beýleki habarlar

Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşmasyndan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berer, Türkmenistanyň baýdagy dünýäniň iň belent ikinji dag depesinde çykaryldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde suw joşmasyndan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berer.Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.Döwlet Baştutany bu sebitde tebigy hadysalaryň bolup geçendigi göz öňünde tutup, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamagy hem-de muzdsuz bermegi tabşyrdy.

2.Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt boýunça edarasynyň goldawy bilen awgust sentýabr aýlary aralygynda ýurduň lukmançylyk edaralarynda sanjymlar arkaly öňüni ýüze çykarylýan ýokanç kesellere epidemiologiki gözegçiligi güýçlendirmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe okuw sapaklary geçiriler.

Okuw sapaklary Türkmenistanyň lukmanlary üçin BSGG bilen ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynda COVID-19-a garşy göeşmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralar.

3.Morinžgeologiýa hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri beýikligi boýunça dünýäniň ikinji dag depesine — Çogori gerşine çykyp, ol ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurduň Döwlet baýdagyny parlatdylar.K2 ady bilen hem belli bolan Çogori Ewerestden soň dünýädäki ikinji iň beýik dag gerşidir.

Ol Hytaý we Pakistan serhedindäki Karakoram dagynda ýerleşýär. Çogori belentligi howa şertleri we dik gaýaly eňňitleri sebäpli dünýäniň çykmasy iň kyn daglaryndan biri hasaplanýar.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin alynýan tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi, şeýle-de notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilenligi üçin tölegleri almagyň tertibi kesgitlenildi. Tertibiň doly görnüşi bilen minjust.gov.tm saýtynda tanşyp bilersiňiz.

5. Aşgabat şäher häkimligi şäheriň Arçabil şaýolunyň Köpetdag şaýoly we Bekrewe köçeleriniň çatryklarynda ýerleşýän köprüleriň ýapgytlaryny bezemek işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäleşik yglan edýär. Köprüleriň ýapgyrlarynyň bezemek işleri bäsleşige gatnaşyjylara beriljek tehniki şertlere laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Bäsleşik şu ýylyň 18-nji sentýabrynda geçirilýär. Tehniki şertler bilen Aşgabat şäher häkimliginde tanşyp bilersiňiz.

Dünýäde

6.Milanda meşhur italýan aýdymçysy we kompozitor Toto Kutunýo 81 ýaşynda aradan çykdy.Ol 1943-nji ýylda Italiýanyň Toskana welaýatynda dünýä indi. 1965-nji ýylda Kutunýo özüniň deprekçi hökmünde çykyş eden Toto ei Tati toparyny döretdi.

XX asyryň 70-nji ýyllarynda onuň kompozitor we aýdymçy hökmünde meşhurlygy artyp başlady. Şol ýyllar Jo Dassiniň ýerine ýetirmeginde Eger sen bolmadyk bolsaň (Et si tu n’existais pas) aýdymy ýazyldy we bu kompozisiýa olaryň ikisiniň-de bütin dünýäde şöhrat gazanmagyna ýardam etdi.

Kutunýo GDA ýurtlarynda örän meşhurdy.Lasciate Mi Cantare (başga bir ady L'italiano), Serenata, Solo noi Onuň iň meşhur aýdymlarydyr.Toto Kutunýo ömründe üç ýüzden gowrak aýdym ýazdy we ýigrimi albom döretdi.

7. Mekgede güýçli tupan turdy, ýeliň tizligi sagatda 80 km-e ýetdi. Tupanyň netijesinde birnäçe bina zeper ýetdi, mahabat tagtalary we metal gurluşlar ýykyldy. Mekgäniň ýolbaşçylary mekdeplerde, kollejlerde we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklary uzak aralykdan görnüşine geçirmek kararyna geldiler. Tupan ulaglaryň we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy. Käbir ýollar ýapyldy jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi bolsa çäklendirildi.

Sport habarlary

8.Türkmenistanly boksçy Ýunus Gurbanow özüniň indiki professional söweşi boýunça boýunça şertnama baglaşandygyny mälim etdi.Oňa laýyklykda, türkmen boksçysynyň indiki tutluşygy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Pravda Boxing ýaryşynyň çäginde bolup geçer.

Dostlar, size gowy täzeligim bar.Oktýabr aýynda boljak indiki söweşim üçin şertnama baglaşdym. Ýakyn wagtda senäni we garşydaşy mälim ederin diýip, türgen ýazgy paýlaşdy. Şeýle-de Gurbanow Turkmenportal onlaýn neşirine Gala Sports Management toparyna berýän media goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu diňe başlangyjy, biz diňe öňe barýarys diýip, Ýunus Gurbanow belledi. Ýatlatak, Ýunus Gurbanow awgust aýynyň başynda professional boksdaky ilkinji söweşinde üstünlik gazanyp, Pravda Boxing ýaryşynyň çäginde russiýaly Dmitriý Andreýewi ýeňlişe sezewar edipdi.

9.Basketbolyň esasy wakalarynyň biri dünýä çempionaty ýakyn wagtda başlanar. 25-nji awgustdan 10-njy sentýabr aralygynda tomaşaçylar 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugy ugrunda göreşýän ABŞ-nyň ýaşlar ýygyndysynyň, NBA-nyň ýewropaly ýyldyzlarynyň we beýleki toparlaryň arasyndaky bäsdeşligi yzarlaýarlar.

Basketbolyň taryhynda dünýä çempionaty ilkinji gezek Aziýanyň üç ýurdunda: Filippinlerde, Ýaponiýada we Indoneziýada geçiriler. Ýaryş iki toparçalaýyn tapgyrdan we saýlama tapgyrdan (pleý-off) ybarat bolar.

10. Basketbol federasiýasynyň başlygy Aýdogdy Berdýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Halkara basketbol federasiýasynyň Kongresine gatnaşdy, onuň dowamynda guramany 2023-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli aralykda dolandyrjak täze prezidenti saýlandy. FIBA-nyň ýolbaşçysy wezipesine ozal FIBA-nyň wise-prezidenti bolup işlän şeýh Saud Ali Al Tani biragyzdan saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär
Gazada ýene-de bir metbugat işgäri öldürildi
Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy
Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerine petekler satuwa çykaryldy, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri, Aşgabat bilen Bangkokyň arasynda göni howa gatnawlary dikeldildi we beýleki habarlar