Ewereste ýetmek üçin 82 gün welosipedde

Hytaýyň Inçuan (Demirgazyk-Günbatar Hytaý) şäherinden bir pensioner, dünýäniň iň beýik dagyna – Ewereste ýetmek üçin welosipedde, takmynan, 5,6 müň kilometr ýol geçdi. 60 ýaşly Fu Sişen welosiped bilen Gansu, Syçuan we Ýunnan ýaly birnäçe welaýatyň içinden geçdi. Ol kynçylyklara garamazdan, Tibet awtonom sebitine ýetip başardy.

Ol pensiýa çykandan soň, welosiped sürmäge has köp wagt sarp edip başlandygyny, soňky üç ýylda her ýylda, takmynan, 10 müň kilometre çenli ýol geçendigini gürrüň berdi. Şeýle hem, howa we kislorod ýetmezçiligi sebäpli öňe gitmek kyn bolan daglaryň içinden geçýän ýollaryň özi üçin iň uly synag bolandygyny boýun aldy.

Fu Sişen yzygiderli türgenleşik netijesinde, Ewereste sag-aman baryp bildi.Syýahata taýýarlyk görmek üçin hepdede dört gezek 15 kilometre welosiped sürdi.Ol maşgalasynyň, dostlarynyň hem-de Hytaýyň ähli welosiped sürüjileriniň özüne uly ylham we goldaw berendigini aýtdy.

Ewerest (Jomolungma) dünýädäki iň beýik dagdyr. Resmi taýdan ykrar edilen beýikligi deňiz derejesinden 8 müň 848,86 metr beýiklikde. Nepal bilen HHR-iň serhedinde ýerleşýän Mahalangur-Himal Gimalaý dag gerşiniň bir bölegi. Ewerest Gimalaý dag ulgamynda ýerleşip, sanskrit dilinde “garyň mesgeni” diýmegi aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly pensioner Ewerest dagyna ýetmek üçin welosipedli 5,6 müň km ýoly geçdi
26-njy gezek çykdy
Ewerest dagyna çykdylar
Türkmenistanyň Baýdagy dünýäniň iň beýik depesine Ewereste çykaryldy
Ewerestde meteorologiýa stansiýasy gurlar
Hytaý dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnady