Hytaýly pensioner Ewerest dagyna ýetmek üçin welosipedli 5,6 müň km ýoly geçdi

Hytaýly pensioner Ewerest dagyna ýetmek üçin welosipedli 5,6 müň km ýoly geçdi

Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň Inçuan şäherinden bir pensioner Ewereste (Jomolungma) dünýäniň iň beýik dagyna ýetmek üçin 82 günüň dowamynda welosiped bilen 5,6 müň km töweregi ýoly geçdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, 60 ýaşly Fu Sişen birnäçe welaýatlardan Gansudan, Syçuandan we Ýunnandan geçip, ýoldaky kynçylyklara garamazdan, Tibet awtonom sebitine sag-aman barýar. Ol ýerde, planetanyň iň beýik dagynyň eteginde syýahatçylyk bazasy bar.

Pensioner yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Ewereste üstünlikli baryp bilendigini belleýär. Syýahata taýýarlyk görmek üçin ol hepdede dört gezek 15 km ylgady. “Maşgalam, dostlarym, şeýle-de Hytaýyň ähli welosipedçileri meniň üçin ylham we goldaw boldy. Olar bolmadyk bolsa, men bu ýoly geçip bilmezdim” diýip, Fu Sişen belledi.

Ewerest Mahalangur-Himal dag gerşine girýär, ol Nepal bilen HHR-iň serhedinde ýerleşýär. 2020-nji ýylda iki ýurduň wekilleri bu dagyň beýikligini gaýtadan ölçediler, ol 8 848,86 m boldy.

Ýene degişli makalalar

Ewereste ýetmek üçin 82 gün welosipedde
Ewerest dagyna çykdylar
26-njy gezek çykdy
Türkmenistanyň Baýdagy dünýäniň iň beýik depesine Ewereste çykaryldy
Ewerestde meteorologiýa stansiýasy gurlar
Hytaý dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnady