Awstraliýaly barlagçylaryň topary meşhur fizik Albert Eýnşteýniň jemgyýetçilige öň belli bolmadyk hatyny neşir etdiler. Alym 1949-njy ýylda ýazan hatynda balarylary, guşlar we haýwanlaryň täze açyşlara nähili kömek edýändigi barada gürrüň edýär. Bu barada ridus.ru habar berýär.
Eýnşteýniň haty radary öwrenmek bilen meşgullanan iňlis inženeri Glin Dewisa gönükdirilýär. Hatynda fizik haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwrense, alymyň täze açyşlaryň üstünden barjakdygyny ýazypdyr.
Saklanyp galan hat Eýnşteýniň Nobel baýragynyň laureaty, balarylarynyň we haýwanlaryň duýuş ukybyny (sensorika) öwreniji Karl fon Friş bilen duşuşandygyny hem subut edýär.Ol ylmyň taryhynda iň möhüm açyşlaryň biri hasaplanýan balarylarynyň tansynyň diliniň tapylmagynda aýgytly rol oýnady. 1949-njy ýylyň aprel aýynda fon Friş balarylarynyň ýagtylyk bölejiklerini ulanyp, ýoly nähili tapýandygy baradaky işini tanyşdyrýar.
Bu wakadan bir gün soň, Eýnşteýn bilen Friş duşuşýar.
