Eýran amerikan esgerlerini ele salandygyny öňe sürýär; ABŞ bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär

Eýran amerikan esgerlerini ele salandygyny öňe sürýär; ABŞ bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär

Eýranyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileriniň biri bolan Ali Larijani amerikan esgerleriniň ele salnandygyny öňe sürdi we Waşingtony wakany gizlemäge synanyşmakda aýyplady.

Larijani şenbe güni X platformasyndan beren beýanatynda: "Maňa birnäçe amerikan esgeriniň ýesir alnandygy barada habar berildi. Emma amerikanlar olaryň söweşde öldürilendigini öňe sürýärler" diýip belledi.

Larijani: "Beýdip tagalla etselerem, olar hakykaty uzak wagtlap gizläp bilmezler" diýip, nygtady.

ABŞ-nyň goşuny bolsa bu maglumaty dessine ret etdiler we hiç bir amerikan esgeriniň zamun alynmandygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) metbugat wekili “Al Jazeera” teleýaýlymyna beren beýanatynda Eýranyň aýdanlarynyň nädogrydygyny aýtdy.

Metbugat wekil: "Eýran režiminiň amerikan esgerlerini zamun alandygy baradaky sözleri režimiň ýalanlarynyň we aldawlarynyň ýene bir mysalydyr" diýdi.

ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy bilelikdäki howa hüjümlerini başladanyndan soň, sebitdäki dartgynlylyk çalt depginler bilen güýçlendi. Bu hüjümlerde ýurduň dini lideri Ali Hameneýi, 150-den gowrak okuwçy gyz çagalar we ýokary derejeli harby resmiler bilen birlikde müňden gowrak adam ýogaldy.

Bu uruş sebitde giň gerimli durnuksyzlyga getirdi we Tähran sebitde ABŞ bilen baglanyşykly nyşanalara garşy jogap hüjümlerini başlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ali Larijani: “Eýran ABŞ bilen gepleşikler geçirmez” diýdi
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy