Eýran Azerbaýjana we Ermenistana Uçar Saparlaryny Duruzdy

Eýran Azerbaýjana we Ermenistana Uçar Saparlaryny Duruzdy

Bahş; “Eýranyň Raýat awiasiýasy guramasynyň kararyna görä Azerbaýjana we Ermensitana edilýän uçar gatnawy gysga möhletli bes edildi” diýdi.

Eýranly resmi şertler kadalaşdan soň uçar saparynyň gaýtadan başlajakdygyny beýan etdi.

44 günlük 2-nji Garabag söweşinden soň Azerbaýjanyň Garabag sebitindäki dolanşyk diýilýan ulgamyň eden başlangyçlary dartgynlygyň möwjemegine sebäp boldy.

Dolanşyk soňky günlerde gögzegçiligine degişli bolan ýerlerde Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň pozisiýalaryna ýakynlamak, öz pozisiýalaryny berkitmek üçin buky gazmak we dürli berkitme işleri hem-de sabbotaž synanşyklary ýaly käbir meçew beriji aksiýalary gurady.

Ermeni ýaragly toparlary soňky birnäçe aýda Azerbaýjan goşunlarynyň pozisiýalaryna yzgiderli häsýetde od açmaga we ýerlere mina ýerleşdirmäge dowam etdi.

Azerbaýjandan birildirilen toslama dolanşygyň bes edilmegi hakyndaky talaplara garamazdan ermeni güýçleriniň gözegçiligindäki ýerlerde 9-njy sentýabrda “prezident saýlawynyn” geçirilmegi dartgynlygy hasam güýçlendirdi.

Soňky gezek Howawend welaýatynyň Ahmetbeýli-Fuzuli-Şuşa gara ýolunda Azerbaýjanyň döwlet edarasyna degişli ulag mina kakdy we 2 adam pida boldy.

Wakanyň bolan ýerine barýan polis ulagynyň başga bir mina basmagy netijesinde 4 polis gullukçysy şehit boldy. Bu wakalardan soň Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Garabagda konsitutsion ulgamy gaýtadan dikeltmek maksady bilen ýerli antiterror operasiýasynyň başladylandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Bilen Blinken Garabagda Başdan Geçirlen Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Putin Bilen Raisi Garabagda Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Garabagda Ýangyç Ammarynda Partlama Boldy
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.
Ermenistanyň Premýer ministri Azerbaýjan bilen bagly beýanat berdi
Garabagyň hekaýaty
Ermeniler Liwanda Howpsuzlyk Güýçlerine Hüjüm Etdiler