Eýran bilen Hindistan ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi anna güni ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

E. Raisi we N. Modi telefon arkaly söhbetdeşlikde Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi we halkara guramalary ýaly dürli taslamalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Bu barada Eýranyň Prezidentiniň diwanynyň syýasy meseleler boýunça başlygynyň orunbasary Muhammet Jamşidi “X” sosial ulgamdaky web sahypasynda ýazdy.

Muhammet Jamşidi Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşany bolup hyzmat edýän Eýranyň günorta-gündogaryndaky Çabahar portunyň ösüşini ilerletmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

2016-njy ýylyň maý aýynda Eýran, Hindistan we Owganystan Eýranyň paýtagty Tähranda üç taraplaýyn tranzit şertnamasyna gol çekip, Çabahar portuny tranzit merkezine öwürmek arkaly täze aragatnaşyk ugurlaryna ýol açdylar.

Hindistan häzirki wagtda Eýran, Owganystan we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdany giňeltmek maksady bilen Çabahar sebitini işjeň ösdürýär.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Hindistanyň Chandrayaan-3 enjamy Aýa gondy
Szinpin: BRIKS duşuşygy ösýän ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkider
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistanyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi