Eýran bilen Mawritaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekmek

Eýran bilen Mawritaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekmek

Eýranyň Daşary işler ministri Mawritanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Tähran bilen Nowakşotyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni gije Daşary işler ministri Amir Abdullahian Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Salem Walid Marzouk bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mukaddes Remezan aýyny we onuň Daşary işler ministri wezipesine saýlanmagyny gutlamak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ykjamdygyny aýdyp Eýran Yslam Respublikasy Mawritaniýa bilen gatnaşyklaryň giňelmegini garş alýandygyny nygtady.

Amir Abdullahian şeýle-de Afrika bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmegi Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň daşary syýasatynyň gün tertibinde durýan esasy meseleleriň biri hasaplamak bilen Günbatar we Demirgazyk Afrika bilen gatnaşyklary ösdürmek bu ugurda alnyp barylýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy Ýemendäki atyşygyň bes edilmegini garşy alýandygyny we ynsanperwerlik gabawyny ýatyrmak we Ýemendäki urşy bes etmek bilen birlikde Ýemen-Ýemen gepleşiklerini görmäge umyt baglaýandygyny aýtdy.

Gepleşigiň başga bir bölüminde Eýranyň Daşary işler ministri ezilen Palestina halkyny goldamakdaky prinsipial pozisiýasy üçin Mawritaniýa minnetdarlyk bildirdi.

Mawritaniýanyň Daşary işler we hyzmatdaşlyk ministri hem iki ýurduň arasyndaky geňeşmeleriň dowam etmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we giňeljekdigine umyt bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy
Türkiýäniň Nar eksporty 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi
Dünýä täsinlikleri
Marokka bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertnamasy
Afrika yklymy täze döwre gadam basýar