Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy

Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy

Nigeriň täze Prezidenti Mohamed Bazoumyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin şol ýurda sapar guran Wise-prezident Fuat Oktaý, Türkiýe gaýtjak bolan mahaly Niameý Diori Hamani halkara howa menzilinde Mawritaniýanyň Prezidentini Muhammed Wild al-Gazwani bilen duşuşdy.

Fuat Oktaýyň birnäçe wagt söhbetdeş bolan Muhammed Wild al-Gazwani, Milli Azat edijilik söweşi ýyllarynda Türkiýä gelen, aralarynda ýakyn garyndaşlarynyň hem bolan 1 müňden gowrak Mawritaniýalynyň häzirki wagtda hem Adana şäherinde we onuň töwereginde ýaşaýandygyny habar berdi.

Fuat Oktaý Muhammed Wild al-Gazwanini we aýalyny bilelikde Adana gitmek üçin Türkiýä sapar guramaga çagyrdy.

Muhammed Wild al-Gazwani bolsa öz gezeginde bu hoşamaý çakylyga hoşal bolandyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Fuat Oktaý 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Fuat Oktaý: "DKTR-ny doly ýagdaýda goldaýarys" diýdi
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi