Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Oktaý paýtagt Ankarada geçirilen duşuşykda Türkiýe-Bolgariýa gatnaşyklarynyň eý ebolan potensialyna we artýan hyzmatdaşlyk zerurlyklaryna ünsi çekip, özara gatnaşyklaryň depgininiň hasam güýçlenmegini arzuw etdi.

Fuat Oktaý Türkiýäniň garanyş senagaty pudagynda hyzmatdaşlyga we Bolgariýanyň harby goşunlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmaga taýýardygyny hem beýan etdi.

Bolgariýanyň Prezidentiniň orunbasary Iliana Ýatowa bolsa Türkiýäniň Ukraina-Russiýa söweşinde Prezident R.T.Erdoganyň öňbaşçylygyndaky başlangyçkaryna we parahatçylyk ugrundaky tagallalaryna kanagatlanma bildirdi.

Duşuşykda terrorizme garşy göreş we bikanun migrasiýanyň öňüniň alynmagy yzgiderli hyzmatdaşlyk talap edýän esasy ugurlar hökmünde beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary