Eýran Bilen Saud Arabystany Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýaňadandan Başlamagy Üçin Şertnama Baglaşdy

Eýran Bilen Saud Arabystany Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýaňadandan Başlamagy Üçin Şertnama Baglaşdy

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagy üçin baglaşylan şertnamanyň “ähli kynçylyklaryň ortadan aýrylandygy manysyny aňlatmaýandygyny” nygtady.

Saud Arabystany tarapyndan goldanýan “Şarkul Ewsat” gazetine beýannama berenm Bin Ferhan “Eýran bilen baglaşylan şertnama, meseleleriň gepleşik we diplomatiýa arkaly çözülmegi arzuwynyň görkezijisi” diýdi.

“Iki aýyň dowamynda Eýran bilen gatnaşyklary ýaňadandan başlatmaga taýardyklaryny” nygtan Bin Ferhan, iki taraply saparlaryň hem guralyp bilinjekdigini belledi.

Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda bagşylan şertnamada Hytaýyň oýnan roly barada hem durup geçen Ferhan “Sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy Hytaýyň, Eýranyň we Saud Arabystanynyň bähdigi taýdan möhüm” diýdi.

Eýran bilen Saud Arabystany 7 ýyl soň diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagy üçin şertnama baglaşdy.

10-njy martda Eýran, Saud Arabystany we Hytaý tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada iki ýurduň şertnama baglaşandygy mälim edilipdi.

Saud Arabystanynda 2016-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda şaýy din adamy Nimr Al Nimr bilen birlikde 47 adam “terror” günäkärlenmesi bilen asylyp öldürlipdi.

Waka berk garşylyk görkezen Eýranly ýolbaşçylaryň yzly-yzyna beren beýannamalaryndan soň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasy bilen Maşad şäherindäki konsullugy Eýrandaky protestçylar tarapyndan oda berlipdi.

2015-nji ýylyň mart aýynda başlan Ýemen krizisi sebäpli onsuz hem dartgynly bolan iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dolulygyna kesilipdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçir
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanynda Saparda Boldy
Hakan Fidan Braziliýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi