Eýran bilen Türkmenistan saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyga garady

Eýran bilen Türkmenistan saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyga garady

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Aşgabatda Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugyna salgylanyp, Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şeýle hem lukmançylyk we derman senagaty pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de dürli kesellere garşy göreşde birek-biregiň tejribesini ulanmak, ylmy alyş-çalyşlary giňeltmek we derman öndürmek bilen baglanyşykly meseleleri göz öňünde tutmak bilen, bilelikdäki ylmy-gözleg pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine seredilip geçildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki dostlukly ýurduň raýatlarynyň saglygynyň bähbidine saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek gyzyklanmasyny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň telewideniýesi YHG-niň Aşgabatda geçen sammitine bagyşlanan dokumental filmi görkezdi
Aşgabatda Türkmenistan ― Eýran gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi
Türkmenistanda Eýranologiýa makalany ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini bellemek
Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde däp bolan maslahat geçirildi
СОСТОЯЛАСЬ НАУЧНАЯ КОНФЕРЕНЦИЯ, ПОСВЯЩЕННАЯ ДНЮ ДИПЛОМАТИЧЕСКИХ РАБОТНИКОВ ТУРКМЕНИСТАНА