Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde däp bolan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde däp bolan maslahat geçirildi

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Dialog parahatçylygyň kepili atly ylmy maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimou, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golamabbas Arbabhales çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň döredilmegi baradaky Dialog — parahatçylygyň kepili diýlip atlandyrylýan başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda ýaş diplomatlara we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşuryldy we baýramçylyk konserti geçirildi.

Ýene degişli makalalar

26.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
ABŞ-nyň ilçisi türkmenistanlylary Ýeňiş baýramy bilen gutlady
Bir ýyldan soň ýeňiş gazandy, antirekorda bir oýun galypdy
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy türkmen kanunçylygynyň “gyzyl çyzyk” talaby sebäpli togtadyldy
Halkara maslahat geçirildi