Bir ýyldan soň ýeňiş gazandy, antirekorda bir oýun galypdy

Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 15-nji tapgyrda Şalke topary öz meýdançasynda “Hoffenhaýmdan” 40 üstün çykdy.Duşuşykda gelzenkirhenlileriň 3 goluny 19 ýaşyndaky amerikaly oýunçy Mettýu Hopp derwezä girizdi.

Ol “Bundesligada” het-trik eden ilkinji amerikaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de, 30 oýunda bäri “Bundesligada” ýeňiş gazanyp bilmän gelýän “Şalke” şu möwsümde ilkinji gezek ýeňiş gazandy.Topar soňky gezek “Bundesligada” mundan 1 ýyl ozal ýeňiş gazanypdy, Has takygy, geçen ýylyň 17-nji ýanwarynda “Borussiýa M” toparyny 20 ýeňen “Şalke” toparyna şondan bäri geçiren 30 duşuşygynda ýeňiş gazanmak başartmandy. “Şalke” topary ýene-de 1 oýunda ýeňiş gazanyp bilmedik bolsa, onda ol “Tasmaniýa” toparynyň (1965/66) 31 oýunlyk antirekordyna şärik bolardy.

The post Bir ýyldan soň ýeňiş gazandy, antirekorda bir oýun galypdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Keýniň taryhy statistikasy
“Bawariýa” hem ýeňilýär
“Borussiýa Dortmund” Baýeri transfer etdi
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Geçen möwsümiň tersine
“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär