Eýran energiýa ýetmezçiligi zerarly Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edip başlady

Eýran energiýa ýetmezçiligi zerarly Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edip başlady

Türkmenistan goňşy Eýrana elektrik energiýasyny iberip başlady. Bu barada Eýranyň Press TV teleýaýlymynyň saýtynda habar berildi.

Eýranda temperaturanyň gyzmagy we kriptowalýuta önümçiliginiň ýokarlanmagy elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagyna getirdi.Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Horasan welaýatyny 140 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün eder diýip, Eýranyň “Tavanir” döwlet energiýa kompaniýasynyň metbugat wekili Mostafa Rajabi aýtdy.

Kompaniýanyň wekili Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky baglaşylan elektrik üpjünçiligi boýunça ylalaşygyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, geljekde importyň artyp biljekdigini hem belledi.Energetika ministrliginiň Horasan welaýatyndaky bölüminiň wekili Muhammet Alaýi Türkmenistanyň sebitiň elektrik ulgamyny 130 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün edip başlandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, türkmen elektrik energiýasynyň importy sentýabryň ahyrlaryna çenli dowam eder.Bu import Eýranyň gündogar sebitlerinde elektrik energiýasynyň kesilmeginiň öňüni almak üçin niýetlenilendir.

Ýene degişli makalalar

Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy
Eýran türkmen elektrik energiýasyny import edip başlady
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
“Ahal” Futbol Kluby AFK-nyň kubogynyň jemleýji tapgyryna geçdi
Hulusi Akaryň Gyrgyzystana we Täjigistana Sapary