Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iýun aýynyň 4-6 aralygynda ýaşlaryň we ulylaryň arasynda geçirilen iki kontinental ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler.

Sport sambo görnüşi boýunça çykyş eden Kossekow Muhammet (64kg) we söweş sambo görnüşi boýunça çykyş eden Annagurbanow Çarymyrat (98kg) altyn medallara mynsayp boldylar. Söweş sambo görnüşi boýunça Uzakowa Rano (74kg) we Iwadullaýewa Babajana (98kg ýokary) kümüş medallara mynasyp boldylar.

Türkmen ýygyndy toparda aýallaryň arasynda Nazarowa Aziza (50kg), Nurjanowa Ruşana (54kg), Aýdogdyýewa Madina (59kg), Krowýakowa Wiolleta (65kg), Muhammedowa Jahan (80kg) şeýle hem erkekleriň arasynda söweş sambo boýunça Taňryberdiýew Ýusup (58kg), Agaýew Rejepnur (71kg çenli), Madaminow Jowlanbek (88kg) we Esgerow Ruslan (98kg) sport sambo boýunça bürünç medallary gazandylar.

Aziýa çempionatyna Türkmenistandan umumy 22 türgen gatnaşdy. Türkmen weikiliýet toparynda Söweş sungaty boýunça Milli federasiýanyň başlygy Alaý Niýazmengliýew, tälimçiler Şöhrat we Nurmurad Annamuhamedowlar we Ýanar Hojamuhammedow bar.

turkmenistan.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 13 medal gazandy
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar
Türkmenabatda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
16.07.2018 | Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýygyndy toparymyz 18 medala mynasyp boldy
Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýygyndy toparymyz 18 medala mynasyp boldy