Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 13 medal gazandy

Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 13 medal gazandy

Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndy topary Daşkent şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşdy. Bu ýerde türgenlerimiziň dürli medallaryň 13-sini gazanmagy bolsa olaryň sportuň şu görnüşinden kämil tejribä eýelik edýändiklerini görkezdi. Bu barada Türkmen sporty gazeti habar berýär.

Yklymyň 11 döwletinden (Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Owganystan, Palestina, Iordan Haşimit Patyşalygy, Liwan) iň güýçli samboçylary jemlän bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Muhammet Kössekowyň sambo boýunça (64 kg agramda), Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanowyň bolsa söweş sambosyndan (98 kg agramda) altyn medallara mynasyp bolmaklary häzirki wagtda dünýäde dörän kynçylyklara garamazdan, sambo boýunça milli mekdebimiziň kämilliginden nyşandyr.

Yklym çempionatynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgäri Babajan Iwadullaýewyň söweş sambosy boýunça +98 kg agramda, Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Köýtendag etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Rano Uzakowanyň sambo boýunça 72 kg agramda gazanan kümüş medallary hem türkmen sambosynyň ajaýyp üstünligine öwrüldi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Aziza Nazarowa 50 kg agram derejesinde, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Wioletta Krowýakowa 65 kg agramda, Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Köýtendag etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ruşana Nurjowowa 54 kg-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ruslan Esgerow 98 kg-de, Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Madina Aýdogdyýewa 59 kg-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Jahan Muhammedowa 80 kg agram derejede sambo boýunça gazanan bürünç medallary bilen ýurdumyzyň baýrak gaznasyny baýlaşdyrdylar.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Ýusup Tanriberdiýew 58 kg agramda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Rejepnur Agaýew 71 kg-de, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jawlanbek Madaminow 88 kg-de söweş sambosy boýunça hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldiler.

Elbetde, biz iri yklym ýaryşyna irginsiz taýýarlyk gördük. Şu ýylyň aprelinde başlanan Gökdere jülgesindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygymyz oňyn netijesini-de berdi.Biz şol ýerde umumy fiziki taýýarlygymyzy kämilleşdirdik diýip, ýurdumyzyň söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şöhrat Annamuhammedow gürrüň berýär.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşygymyz bolsa türgenlerimiziň tehniki hem-de taktiki taýýarlyklaryny kämilleşdirmegimizde diýseň ähmiýetli boldy. Şägirtlerimiziň ýaryşda görkezen netijeleri bizi kanagatlandyrýar.Muňa garamazdan, öňde bize has iri ýaryşlaryň garaşýandygy taýýarlyk işimizi kämilleşdirmegimizi şertlendirýär.

Elbetde, dürli döwletlerde guramagy meýilleşdirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarymyz, gatnaşjak iri ýaryşlarymyz biziň iň uly maksatlarymyzyň möhüm tapgyryny emele getirer.

Tälimçiniň beren gyzykly gürrüňleriniň üstüni sambo boýunça ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Ýanar Hojamuhammedowyň täsirli söhbeti ýetirdi.

Ýurdumyzyň sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy Alai Nyýazmeňliýew, sambo boýunça gyzlar toparymyzyň baş tälimçisi Nurmyrat Annamuhammedow hem-de ýygyndymyza söweş sambosyndan tälim berýän Şöhrat Annamuhammedow bilen bilelikde çeken zähmetimiz ýerine düşdi.

Aziýa çempionatynda ýaryşa gatnaşan ýurtlaryň her birinden iki türgeniň çykandygyna garamazdan, türkmen türgenleriniň gazanan şeýle ajaýyp üstünlikleri muny tassyklaýan hakykatdyr.Has takygy, 22 türgenimiziň 13-si Watanymyza medally dolandy.

Elbetde, bize has kämil taýýarlyk işleri garaşýar.

Nesip bolsa, şu ýylyň noýabrynda Daşkentde geçiriljek Dünýä çempionaty hem-de Belarusda guraljak halkara ýaryşy şeýle taýýarlygymyzyň ýokary derejesini üpjün eder.Galyberse-de, daşary ýurtlarda guralmagy meýilleşdirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary munuň üstüni ýetirer. Şeýlelikde, häzirki wagtda düzen ussatlar toparymyz Watanymyzda geçiriljek iri ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanar.

Taýýarlygymyzyň iň möhüm tarapynyň ýurdumyzda, aýratyn hem, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde döredilen şert-mümkinçiliklerde jemlenendigini buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar
Täze kinolar
16.07.2018 | Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýygyndy toparymyz 18 medala mynasyp boldy
Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýygyndy toparymyz 18 medala mynasyp boldy
26.08.2018 | Medallar ugrunda
Medallar ugrunda