Eýran goşunynyň pilotsyz uçarlar türgenleşigi

Eýran goşunynyň pilotsyz uçarlar türgenleşigi

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň pilotsyz uçarlar türgenleşigi, Eýranyň harby güýjüniň we abraýynyň nyşanydyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň 1401 uçarmansyz uçarlarynyň bilelikdäki türgenleşigi 24-nji awgustda irden başlandy.Bu türgenleşik, Eýran Yslam Respublikasynda,Pars aýlagynda,Oman deňizinde, günorta,gündogar,günbatar,demirgazyk we merkezi sebitlerinde 150-den gowrak pilotsyz uçaryň gatnaşmagynda başlandy.

Bu türgenleşik iki gün dowam eder.Ilkinji gezek Yslam respublikasynyň dört güýçiniň derejesinde we howa goranyşynyň güýçleri bilen bilelikdäki bu harby türgenleşik geçirilýär.

Sişenbe güni goşun operasiýalarynyň orunbasary we 1401-nji bilelikdäki pilotsyz uçarlar türgenleşiginiň metbugat sekretary Amir admiral Seýid Mahmud Mousawi, Isfahan welaýatynyň Anark şäherindäki bu türgenleşigiň merkezi bazasyndan göni ýaýlymda beren gürrüňlerinde “Ertir 150-den gowrak pilotsyz uçaryň gatnaşmagynda,dürli nokatlardan we bazalardan dürli pilotsyz uçarlar, missiýalaryny ýerine ýetirmek üçin uçýarlar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň pilotsyz uçarlarynyň soňky üç onýyllykda gazanan üstünlikleri elmydama täsirli boldy we Eýranyň pilotsyz uçarlary, esasanam soňky on ýylda, gözegçilik işlerde, duşmany nyşana almakda we operasiýalary durmuşa geçirmekda ýokary ähmiýetini görkezendir.

Esasanam sebitdäki konfliktleriň ýüze çykmagy sebäpli soňky on ýylda sebitiň söweş meýdançalarynda pilotsyz uçarlaryň rolynyň möhümdigi mälim bolandyr.Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleri, sebitde öňdebaryjy pilotsyz uçarlary bejermek bilen, ýurdy uly gudrata öwürendir.

Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň güýji,gury ýer we deňiz serhetlerinden ençeme kilometr uzaklykda ýurduň serhetlerini goramagyň gerimini artdyrdy. Soňky ýyllarda Eýranyň pilotsyz uçarlary mukdarda we hilde has ösendir,bu ýurdy bu uçarlar taýdan ýurdy sebtiň uly güýjüne öwrdi we pilotsyz uçarlar tehnologiýasy hakda ýurtlaryň arasynda aýratyn orny eýeledi.

Goşunyň koordinatorynyň orunbasary AmirAdmiral Siýari: Häzirki wagtda pilotsyz uçarlar, ýaragly güýçleriň,esasanam Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň söweş ukybyny ýokarlandyrmakda möhüm ornyeýeledi diýip nygtandyr.

Ýene degişli makalalar

Eýran goşunynyň pilotsyz uçarlar türgenleşigi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Raisi: Eýranyň howpsuzlygy we abraýy halkyň berk durmagyna bagly
Amir Abdollahian: Eýranyň üýtgemez syýasaty, Ukrainadaky söweşi bes etmek
Germaniýanyň daşary işler ministriniň aýdanlaryna Eýranyň daşary işler ministriniň reaksiýasy
Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy