“Eýran Halkara Hukugyna Laýyklykda Heniýýeniň Janyna Kast Edilmegine Degişli Gaýtawuly Görkezer”

“Eýran Halkara Hukugyna Laýyklykda Heniýýeniň Janyna Kast Edilmegine Degişli Gaýtawuly Görkezer”

Eýranyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Amir Saeid Irawani, Tähranda Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegine degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýtdy.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Eýranyň talabyna laýyklykda Russiýanyň, Hytaýyň we Alžiriň goldaw bermeginde nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.

Amir Saeid Irawani, maslahatda eden çykyşynda, basyp alyjy Ysraýylyň hökümetiniň Heniýýeniň janyna kast edendigini we wakanyň Ysraýylyň sebitdäki terrorçylykly hüjümlerini dowam etdirýändiginiň anyk görkezijisidigini belledi.

Irawani, Ysraýylyň şol bir wagtda syýasy taýdan Eýranyň täze hökümetiniň ilkinji iş gününe zeper ýetirmek isländigini aýtdy.

Eýranyň ady agzalýan hüjümi berk ýazgarýandygyny aýdan Irawani, “Halkara hukugyna laýyklykda degişli gaýtawuly görkezeris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Eýran: Biz güýç ýa-da howpa boýun egmeris
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Milli Türgen Ýewropanyň Çempiony Boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri