Eýran Hameneýiniň ogly Mojtabany täze dini lider wezipesine belledi

Eýran Hameneýiniň ogly Mojtabany täze dini lider wezipesine belledi

Eýranyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, Eýranyň Bilermenler mejlisi Mojtaba Hameneýini kakasy Ali Hameneýiniň ýerine ýurduň täze dini lideri edip belledi.

Ynkylap goragçylary bilen ýakyn gatnaşyga eýe bolan we orta derejeli ruhany hökmünde tanalýan Mojtaba Hameneýi Eýranyň käbir resmileri tarapyndan ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy guran hüjümlerinde öldürilen kakasynyň mirasdüşeri hökmünde eýýäm uzak wagtdan bäri görülýärdi.

Eýranyň häkimiýet ideologiýasy mirasdüşerlik ýörelgelerine garşy bolsada, Mojtaba Hameneýi Ynkylap goragçylarynyň içinde we onuň merhum kakasynyň eýeleýän täsirli wezipesinde güýçli goldawa eýedir.

Bilermenler mejlisi 56 ýaşly Mojtaba Hameneýiniň "Bilermenler mejlisiniň hormatly wekilleriniň çürt-kesik karary bilen Eýran Yslam Respublikasynyň mukaddes ulgamynyň üçünji lideri hökmünde bellenendigini we tanyşdyrylandygyny" yglan etdi.

Beýanatda din adamlary geňeşiniň "jenaýatçy Amerikanyň we zalym sionist režimiň rehimsiz agressiýasyna" garamazdan, täze lideri saýlamakda "bir minut hem ikirjiňlenmändigi" aýdylýar.

Hemle atmak

Bu karar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ozal Mojtabanyň "ähmiýetsizdigini" we Eýrana kimiň ýolbaşçylyk etmelidigini özüniň çözmelidigini aýdanyndan soň kabul edildi.

Bu karar yglan edilmezden öň, Tramp ABC News-a: "Eger biziň razylygymyzy almasa, ol wezipesinde uzak wagtlap galyp bilmez" diýdi.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Larijani häzirki dartgynly şertlerde Mojtabanyň ýurda ýolbaşçylyk edip biljekdigini aýtdy we täze dini lideriň töwereginde jebisleşmäge çagyrdy.

Eýranyň Ynkylap goragçylary hem täze dini lideriň yzyna eýermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ harby gämilerine edilen 'sebäpsiz' hüjümlerden soň Eýranyň deňiz we harby desgalaryna zarba urandygyny aýdýar
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi
Tramp-Putin duşuşygy üçin taýýarlyklaryň görülýändigi mälim edildi
ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
Eýran Mojtaba Hameneýiň ýokary liderlige saýlanmagyndan soň, Ysraýyla we Pars aýlagy ýurtlaryna zarba urdy