Eýran iýulda ŞHG-iň agzasy bolar

Eýran iýulda ŞHG-iň agzasy bolar

Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girmek işi öňdäki iýul aýynda tamamlanar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ministriň öz ýurdunyň guramanyň iýulda geçjek nobatdaky sammitinde doly hukukly agzasy boljakdygy barada sözüni Tasnim habarlar gullugy getirýär.

Geçen ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda ŞHG-iň sammiti geçdi we oňa Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi gatnaşdy. EYR bileleşigiň agza ýurdy derejesini almak üçin borçnamalar boýunça memoranduma gol çekdi.

Nonatdaky sammit 4-nji iýulda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde wirtual görnüşde geçer. Sammite agza ýurtlaryň ählisi gatnaşarlar. Eýran, Belarussiýa we Mongoliýa synçy, şeýle hem Türkmenistan myhman hökmünde çagyryldy.

Alty ýurduň Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny döretmek barada deklarasiýa Şanhaýda 2001-nji ýylyň iýunynda kabul edildi. Häzirki wagtda gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. Synçy-döwletler Owganystan, Belarussiýa, Eýran we Mongoliýa, dialog boýunça hyzmatdaşlar Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Ministr Eýranyň iýulda ŞHG-iň agzasy boljakdygyny habar berdi
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy