Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili “Amir Said Irawani” ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalary global tertibi bozýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň asyl ruhuna zeper ýetirýär diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amir Said Irawani Birtaraplaýyn sanksiýalaryň, tekepbirlige we birtaraplaýynlyga kök uran bikanun çäreler hökmünde, köptaraplaýynlyga howp salýandygyna, global tertibi durnuksyzlaşdyrýandygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň asyl ruhuna zeper ýetirýändigine şübhe ýokdyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili şeýle hem sözüni dowam etdirip Kubanyň embargosy we blokadasy derhal we şertsiz ýatyrylmalydyr diýdi.
Irawani BMG-niň Baş Assambleýasynda şeýle diýdi: Demokratiýany ösdürmek bahanasy bilen altmyş ýyldan gowrak wagt bäri Kuba garşy girizilen birtaraplaýyn we adamkärçiliksiz sanksiýalaryň we blokadalaryň dowam etdirilmegi, Kuba halkynyň hukuklaryny we abadançylygyny yzygiderli kemsiden garaşsyz we özygtyýarly ýurda garşy girizilen birtaraplaýyn mejbury çäreleriň aýdyň mysalydyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan, Birleşen Ştatlaryň Günbatar hökümetleriniň goldawy bilen garaşsyz ýurtlara garşy girizýän birtaraplaýyn sanksiýalary diňe bir mejbury we syýasy çäre däl, eýsem halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň we BMG-niň Düzgünnamasynyň aç-açan bozulmagydyr.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýary bolmazdan we halkara hukuk çäklerinden daşarda girizilen bu sanksiýalar, syýasy we ykdysady basyş etmek üçin maksatly ýurtlarda jemgyýetçilik abadançylygyna, milli ösüşe we adam hukuklaryna zyýanly täsir edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyna görä, diňe Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan we Düzgünnamanyň 7-nji babynyň çäklerinde girizilen sanksiýalar kanunydyr.
