Eýran ŞHG-niň agzasy bolar

Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmak boýunça işleri öňdäki iýul aýynda tamamlanar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan habar berdi.

Ministriň öz ýurdunyň guramanyň iýulda geçjek nobatdaky sammitinde doly hukukly agzasy boljakdygy barada sözüni “Tasnim” habarlar gullugy getirýär.

Geçen ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda ŞHG-iň sammiti geçdi we oňa Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi gatnaşdy. EYR bileleşigiň agza ýurdy derejesini almak üçin borçnamalar boýunça ähtnama gol çekdi.

Nobatdaky sammit 4-nji iýulda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde wirtual görnüşde geçer. Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, sammite agza ýurtlaryň ählisi gatnaşarlar. Eýran, Belarus we Mongoliýa synçy, Türkmenistan myhman hökmünde çagyryldy.

Alty ýurduň Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny döretmek barada jarnama 2001-nji ýylyň iýunynda Şanhaýda gol çekildi. Häzirki wagtda gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. Synçy-döwletler Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, dialog boýunça hyzmatdaşlar Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýeti ýurduň Prezidentiniň dikuçarynyň tapylandygyny habar berdi
Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler
Eýranyň wekili: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi terrorçylyga garşy göreşe agyr zarba urdy
Eýranyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy
Eýranda zamun krizisi başdan geçirildi
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy