Maliýe ýylynyň geçen bäş aýynda (21-nji martdan 22-nji awgusta çenli) Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi umumy bahasy $153,97 million bolan 257,483 tonna nebit önümlerinden ybarat boldy diýip, Eýranyň “Financial Tribune” neşiri ýurduň gümrük edarasyna salgylanyp habar berýär.
Neşiriň bellemegine görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy tonna agramynda 37,8% kemeldi, umumy baha boýunça bolsa —14,75% azaldy.
Eýran Türkmenistana esasan şeker we kartofel eksport edýärdi. Türkmenistandan bolsa, umumy möçberi 8438 tonna, bahasy $4,48 million bolan çig-pagta, koks we mineral ýaglar import edilýärdi.
Türkmenistana Eýrandan gelýän ýük ulaglarynyň ýurda girmegine bir aýlap rugsat berilmezligi haryt dolanşygynyň möçberiniň azalmagyna täsir ýetirdimi ýa-da ýok, bu anyklaşdyrylmaýar.
