Eýran — Türkmenistan: DÇ-2026 saýlama tapgyr duşuşygyny haçan we nireden görüp bolýar

Eýran — Türkmenistan: DÇ-2026 saýlama tapgyr duşuşygyny haçan we nireden görüp bolýar

Penşenbe güni — 21-nji martda Tähran şäherinde DÇ-2026 ýaryşynyň ikinji saýlama tapgyrynyň üçünji aýlawynyň duşuşygy geçirilip, onda Eýran Türkmenistanyň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu barada Turkmenportal web saýty habar berdi.

Eýran — Türkmenistan duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar we Persiana Sports teleýaýlymynda teletomaşaçylara ýetiriler. Futbol duşuşygynyň Türkmenistan Sport teleýaýlymy arkaly hem alnyp görkezilmegine garaşylýar.

Duşuşyga ýaponiýaly eminler topary eminlik eder. Oýnuň baş emini FIFA-nyň 37 ýaşly emini Ýusuke Araki bolar.

DÇ-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda geçirilen iki aýlawdan soň, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary E toparçada dört toparyň arasynda üçünji orny eýeleýär.

Ýatladyp geçsek, ýaryşyň saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda türkmen futbolçylar öz meýdançasynda Özbegistanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda asgyn gelen bolsalar, ikinji duşuşygy myhmançylykda Gonkongyň ýygyndy toparyna garşy geçirip, 2:2 hasap bilen deňme-deň oýnadylar.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
20-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň möhüm oýunlaryna taýýarlanýar