Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirýär

Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirýär

Eýran Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini birtaraplaýyn ýönekeýleşdirýär. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk edarasynyň başlygy Samad Hassanzade Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Tähranda geçirilen duşuşykda mälim etdi diýip, Tahran times habar berýär.

Saman Hassanzade Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany giňeltmegiň iki ýurduň arasynda ýeňillikli söwda ulgamynyň döredilmegine baglydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-eýran söwda dolanyşygy häzirki wagtda ýyllyk 450 million amrikan dollara deň bolup, geljekde bu görkezijini has artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Mundan başga-da, eýran tarapy, lukmançylyk syýahatçylygy pudagynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belledi hem-de ýokary tehnologiýalar, magdançylyk we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
Iordaniýanly we Liwanly Kärdeşler Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Kanadada guş dümewi bilen kesellän ilkinji hassa hasaba alyndy
Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Tanzaniýanyň täze Premýer-ministri
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Brigada generaly Şekarçi: Eýran öňküden has güýçli bolýar