Kanadada guş dümewi bilen kesellän ilkinji hassa hasaba alyndy

Kanadada guş dümewi bilen kesellän ilkinji hassa hasaba alyndy

Kanadada guş dümewiniň H5N1 görnüşi bilen kesellän ilkinji adam hasaba alyndy. Ol Britan Kolumbiýasy ülkesinde ýaşaýan ýetginjek diýip, sebitiň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Bonni Henri habar berdi. Bu barada CTV teleýaýlymyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Hassanyň takyk ýaşy habar berilmeýär. Ol häzir hassahanada agyr ýagdaýda. 8-nji noýabrda ol dümew alamatlary üsgülewük hem-de ýokary temperatura bilen hassahana eltildi.

Kanadanyň häkimiýetleri keseliň çeşmesini hem-de hassanyň gatnaşykda bolan adamlaryny anyklamak üçin derňew işlerini geçirýärler.

Ýene degişli makalalar

Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Dünýäniň iň özüne çekiji köçeleri
Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
Dünýäniň iň rahat ýurdy
Ýokary derejeli kanadaly ýolbaşçylar gümrük salgytlary meselesinde Trampyň wekilleri bilen duşuşar