Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistana täze ilçisini belledi. Has takygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesine mundan ozal ýurduň Gyrgyzystandaky we Filippinlerdäki dipmoatik wekilhanalaryna ýolbaşçylyk eden Ali Mojtaba Ruzbahani bellenildi. Bu barada IRNA habarlar agentligi habar berýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani Aşgabatdaky diplomatik işine başlamazan ozal EYR-iň daşary işler ministri Hosseýn Amirabdollahanian bilen duşuşyk geçirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, Eýranyň daşary işler ministri duşuşygyň dowamynda resmi Tähranyň türkmen tarapy bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny aýdyp, diplomaty iki ýurduň arasyndaky özara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini dowam etdirmäge çagyrdy.

Ýeri gelende bellesek, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň wezipesini 2020-nji ýylyň başyndan bäri Golam Abbas Arbab Hales ýerine ýetirip gelýärdi.

Ýene degişli makalalar

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Eýran bilen Türkmenistanyň telekeçileri söwda mümkinçiliklerini giňeltmegi maslahatlaşdylar
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler
Eýran harytlarynyň sergisi geçiriler