Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Baş Serkerdebaşysy: Biz duşmanyň ähli hereketlerini uns bilen gözegçilik edýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Baş Serkerdebaşysy: Biz duşmanyň ähli hereketlerini uns bilen gözegçilik edýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Baş Serkerdebaşysy şeýle diýdi: Biz duşmanyň ähli hereketlerini ýakyndan gözegçilik edýäris we islendik şerçiligine aýgytly jogap bereris.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň Baş Serkerdebaşysy general-maýor Amir Hatami şeýle-de goşun asimmetrik we düzgünsiz uruşlar ýaly islendik howpa garşy durmaga taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin hemişe işleýär diýmek bilen biz duşmanyň ähli hereketlerini ýakyndan gözegçilik edýäris we islendik şerçiligine aýgytly jogap bereris diýdi.

Ol sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Goşuny güýçli erk we irade bilen duşmanlara garşy durmak üçin zerur bolan ähli zady etdi we ähli goşun okuwlary we türgenleşikleri harby ýörelgelere, esasanam passiw goranyş düzgünlerine laýyklykda geçirildi we söweş meýdanyna realistik usulda taýýarlanyldy diýip beýan etdi.

Goşunynyň Baş Serkerdebaşysy ýurduň günbatar sebitinde Eýran Yslam Respublikasynyň Goşunynyň goranyş ulgamlary tarapyndan dürli görnüşli mikro uçarlaryň, Hermes we Heron pilotsiz uçarlaryň urlup düşürilmegine salgylanyp, islendik hüjüme şol bir aýgytly çemeleşiljekdigini aýtdy.

Goşunyň asimmetrik we düzgünsiz howplara garşy durmaga taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin hemişe iş alyp barýandygyny aýdan general-maýor Hatami: Territoriýa howpy söýgüli Eýranymyz üçin hakyky howpdyr diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Milli goşun žurnalynyň nobatdaky sany
27.09.2019 | Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap
Täze film
"Çoganlyda angardaky itleri ýok etdiler"