Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy

Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi SENTKOM, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerinde ýogalan ýene-de 2 esgeriň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

SENTKOM duşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “2-nji martda sagat 16.00-a çenli 6 esgerimiz ýogaldy. Amerikan güýçleri Eýranyň sebitdäki ilkinji hüjümlerinde nyşana alynan desgada ozal ýitendigi anyklanan 2 esgeriň jesedini tapdy” diýdi.

Habarnamada hüjümleriň dowam edýändigi we ýogalanlaryň sahsyýetleri hakynda hossarlaryna habar berilmeginden 24 sagat soň maglumat beriljekdigi nygtaldy.

SENTKOM duşenbe güni ir ertir Eýranyň ilkinji hüjümlerinde agyr ýaralanan 1 esgerden soň 4 esgeriň ýogalandygyny aýan edipdi.

JBS Nýus amerikaly resmä esaslanýan habarynda 6 esgeriň hem hepdäniň ahyrynda Eýranyň guran hüjümi sebäpli Kuweýtde öldürlendigini habar berdi.

Şenbe gününden bär, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümlerinde häzire çenli amerikaly 18 esgeriň ýaralanandygy nygtalýar.

ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümi dini lider Ali Hamaneý bilen birlikde eýranly birnäçe resminiň ýogalmagyna sebäp boldy.

Tähran hem ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezleriniň başda durmagynda Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini guraýar.

Ýene degişli makalalar

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: HAZAR SEBITINDE HARBY HEREKETLER DÜÝBÜNDEN ÝOL BERILMESIZDIR
KITAP-HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY ATLY KITAP SERGISI
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY- PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA, HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA FORUMDAKY ÇYKYŞY
TÜRKMEN HALKYNYŇ DESSANÇYLYK DÄPLERI: TARYH, NAZARYÝET, TEJRIBE ATLY SEMINAR MASLAHATY GEÇIRILDI