ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze eseriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ýene degişli makalalar

NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI
ARKADAG ŞÄHERI EKOLOGIÝANYŇ WE SAGDYNLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY
KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY