MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşynyň 195 ýyllygy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda Meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli okuwçylara sungatyň inçe syrlaryny öwredýän sazanda mugallymlary bilen rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň durmuş ýoly we onuň türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyndaky orny barada gyzykly maglumatlary barada söhbet etdiler.

Duşuşygyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.Duşuşygyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Nusga öwrülen ömür
Milli medeniýet- öçmejek sungat
Arkadag şäherinde N.Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli konsert boldy
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar