Nusga öwrülen ömür

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygy mynasybetli Nusga öwrülen ömür ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň ruhy baýlygy-bagşyçylyk we söz sungatyna bolan söýgüsi tutanýerlilik, adalatlylyk, umuman nesilden-nesle geçip gelýän gylyk-häsiýetler, däp-dessurlar barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ady rowaýata öwrülen ussat Şükür bagşynyň taryhda uly yz galdyrandygy, eline bir ýarag alman öz dutary bilen agasyny tussaglykdan halas edişi dilden-dile geçip biziň günlerimize gelip ýetendigi hakynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda geçmişde yz goýan ussat halypalarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY
90 ýaşly Sereteli uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredijilik duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler