NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde “Nusgawy edebiýat we aýdym-saz sungaty” atly göçme kitap sergisini gurnady.Sergide, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň netijesinde bagtyýar durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen birlikde, halkymyzyň milli mirasy kämilleşip, ruhy dünýäsi has hem baýlaşýar.

Merdana halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we dünýä ýaýmak boýunça “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda hem uly rowaçlyklara beslenýän başlangyçlar giň gerime eýe bolýar.

Adamzadyň köpasyrlyk taryhynda aýdym-saz ynsanyň hemişelik hemrasy bolupdyr.Adam öz içki joşgunyny aýdym-sazyň üsti bilen çeper beýan etmegi başarýar.Aýdym-saz sungatymyz, edebiýatymyz uzak taryhy ýoly geçip, kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetmek bilen, medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Sergide edebiýat we aýdym-saz sungaty aýrylmaz baglanyşykly bolup, halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilendigi, häzirki ajaýyp döwrümizde giňden ösdürilendigi barada maglumatlar arkaly giňişleýin gürrüň berdiler.Serginiň, ahyrynda döwletli döwrümizi beýik işleri bilen özgerdip, göwünleri galkyndyrýan, türkmen aýdym-saz sungatynyň has hem ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI
ARKADAG ŞÄHERI EKOLOGIÝANYŇ WE SAGDYNLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY
GÜNDOGAR WE GÜNBATAR MEDENI ADATLARYNYŇ TARYHY-GENETIKI ARABAGLANYŞYGY
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI