Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredijilik duşuşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletlilik, adalatly döwlet gurmak barada şeýle kämil pikirleri öňe süren Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar.

Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgalyk mekdep atly döredijilik duşuşygy geçirildi.Duşuşyga döredijilik işgärler gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde berkarar döwlet we bagtyýar durmuş hakyndaky kämil garaýyşlar çeper sözüň üsti bilen nä derejede ýokary beýan edilendigini hem-de dünýä ýaýmak boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işler barada aýratyn nygtadylar.

Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen duşuşyk aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Çykyş edenler milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýäde wagyz etmäge, ýaş nesillere öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi Dürdänede şatlyk-şowhunda dowam edýär
Aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary
Mosartyň öýi satuwa çykarylýar
Arassa Nusga kompaniýasy täze saýt döretmek hyzmatyna 50% arzanladyş hödürleýär
90 ýaşly Sereteli uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi