USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ussat ýazyjy şahyr Gara Seýitliýewiň ömri döredijiligi nesillere nusgalyk” atly söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “-Beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň gymmatly edebi mirasy dünýä siwilizasiýasynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär” diýip belleýär.

Elbetde, Gara Seýitliýewiň mazmuna baý eserleri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde ýaňlanýar. Şahyryň edebi mirasy türkmen halkynyň kalbyna nur çaýýar, ruhy lezzet berýär.Giň okyjylara hödürlenýän ajaýyp kitaplary bu günki ösüp gelýän, ýaş nesillerimizde gowy gylyk häsiýetleri oýarmakda uly ähmiýet berýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan çuň manyly eserleri giň okyjylara ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
05.10.2018 | Resmi habarlar
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşy