TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň aprel aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 344 belgili buýrugy bilen tassyklanan Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmen şekillendiriş sungaty we medeniýetiň gadymy kökleri atly maslahaty geçirildi.

Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallym-öwrenijisi M.Şiriýewiň Döwletmämmet Azady ussat pedagog, şahyr, filosof, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy M.Atajanowanyň Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy K.Gurbangeldiýewiň Talyplaryň döredijilik eserlerinde çeperçilik usulyny ösdürmek we Dizaýn kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Ataýewanyň Bedew atym ganatym ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

AI Solutions hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginiň jemi jemlendi
Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Mahabat Hyzmaty: özboluşly ýadygärlik sowgatlyklary hem-de mahabat önümlerini döredýän dizaýn we poligrafiýa studiýasy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy