Eýranda dowam edýän protestlerde ýaragly çaknyşyklar boldy

Eýranda dowam edýän protestlerde ýaragly çaknyşyklar boldy

Eýranyň Käräç şäherinde häkimiýete garşy geçirilen protestlerde başdan geçirilen hadysalarda Ynkylap goragçylary goşunyna degişli Besij toparyndan 1 adam ýogaldy, polisiýa işgärlerinden bolsa 5 adam ýaralandy.

Eýran azerbaýjanly türk bolan Hadis Nejefiniň ýogalmagynyň 40-njy güni mynasybetli, Käräç şäherinde jaýlanan Sekine gonamçylygyna ýygnanan adamlar "Ýok bolsun diktator" şygaryny aýtdylar.

Protestleriň şäheriň köçesinde ýaýbaňlanmagy bilen howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda çaknyşyklar başdan geçirildi.

Tasnim habarlar agentligi Käräç şäherindäki wakalarda Besij toparyndan 1 adamyň ýogalandygyny, 2-siniň ýagdaýy agyr polisiýa işgärlerinden jemi 5 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Sosial mediada berilen materiallarda protestçiler polisiýa gullugyna degişli ulagyň içindäki howpsuzlyk güýçlerine daş bilen hüjüm edýändigini görüp bolýar. Demonstrantdygy öňe sürülen bir adamyň hem şol ulagyň içindäki ýaralanan polisiýa işgärlerine od açandygy görülýär.

Käräç şäherindäki wakalary gözegçilik astyna almak üçin golaýdaky welaýatlardan köp sanda polisiýa işgäriniň şähere gönükdirilendigi habar berildi.

22 ýaşyndaky eýranly azerbaýjan türk gyzy Hadis Nejefi, Mahsa Eminiň ýogalmagyndan soň ýurt derejesinde başlan protestlerde Käräç şäherinde howpsuzlyk güýçleriniň güýç ulanmagy netijesinde 6 ok bilen od açylyp ýogalypdy.

Ýurduň paýtagty Tähran şäherinde 13-nji sentýabrda ahlak polisiýasy diýip tanalýan Irşad patrullary tarapyndan göz tussaglygyna alynanyndan soň, koma girip hassahana ýatyrylan 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy, ýurduň häkimiýetine garşy protestleriň başlamagyna sebäp bolupdy.

Protestlerde 10 müňden gowrak adamyň göz tussaglygyna alynandygy öňe sürülýär.

Protestlerdäki adam pidalary barada resmiler tarapyndan beýanat berilmesede, merkezi ofisi Norwegiýada ýerleşýän Eýranyň adam hukuklary guramasy, howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sanynyň 253 adama ýetendigini habar berdi.

Protestlerdäki wakalarda 30-dan gowrak howpsuzlyk güýjüniň hem ýogalandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlanan protestlerde alty adam ýogaldy
Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde 100-den gowrak howpsuzlyk işgäri öldürildi
Ymam Hameneýi: Biz protestçiler bilen gürleşeris, ýöne bidüzgünçileri öz ýerlerine goýulmaly / Bütin dünýä Amerikany tanady
Maduronyň tarapdarlary Karakasda miting geçirip, prezidentleriniň azat edilmeklerine çagyrdylar
Eýranyň harby ýolbaşçysy: Trampyň we Netanýahunyň "hemlelerine" degişli gaýtawul görkeziler
Eýranda protest ýörişleri sebäpli ýogalanlaryň sany 65 adama ýetdi
BMG Eýrana aşa güýç ulanmazlygy üçin çagyryş etdi