Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde 100-den gowrak howpsuzlyk işgäri öldürildi

Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde 100-den gowrak howpsuzlyk işgäri öldürildi

Merkezi Katarda ýerleşýän “Al Žareera kanaly, Eýranyň “Tasnim” habarlar gullugyna esaslanýan habarynda soňky birnäçe günde ýurduň çar tarapynda geçirilýän protest ýörişlerinde azyndan 109 howpsuzlyk işgäriniň öldürlendigini habar berdi.

Habarda ýogalan protestçylaryň sany hakynda bolsa maglumat berilmedi.

Eýranda 28-nji dekabrda Eýranyň pul birligi riýalyň hümmetiniň aşaklamagy we agyrlaşan ykdysady şertler sebäpli hökümete garşy protest ýörişleri başlapdy.

Paýtagt Tähranda başlan protest ýörişleri ýurduň çar tarapynda ýaýbaňlanýar.

Protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany hakynda heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi.

Tähranly bir lukmanyň “Taým” zurnalyna beren beýannamasyna görä, Tährandaky 6 hassahanasynda häzire çenli 217 adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Eýranda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlanan protestlerde alty adam ýogaldy
Ýewropada korona wirusynyň täze tolkununyň başlanmagy barada duýduryş
Eýranda dowam edýän protestlerde ýaragly çaknyşyklar boldy
Eýranda terror jenaýaty bilen aýyplanýan 2 adama ölüm jezasy berildi
Eýran nebitiň eksporty boýunça rekord goýdy
Eýranda ýolagçy otlusy aýazly howa sebäpli ýolda galdy