Eýranda Howanyň Hapalygy Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär

Eýranda Howanyň Hapalygy Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär

Eýranyň paýtagty Tähran bilen birlikde Elburs, Kum, Huzistan, Yspyhan we Kazwin welaýatlarynda howanyň hapalygy sebäpli dersler onlaýn görnüşde dowam eder.

Tähranyň welaýat häkimliginden berlen beýannamada, paýtagtda howanyň hapalygynyň 200-den ýokarlandygy nygtaldy.

Howanyň hapalygy sebäpli Saglygy goraýyş ministrliginiň teklibine we Howanyň hapalygyna garşy göreş toparynyň kararyna laýyklykda welaýatda, göwreli zenanlar, 6 ýaşyndan kiçi we başlangyç klas mekdebine gidýän çagalaryň eneleri bilen syrkawlylar duşenbe güni onlaýn görnüşinde işlär.

Mekdeplerde hem dersler onlaýn görnüşde dowam eder.

Beýleki tarapdan Elburs, Kum, Huzistan, Yspyhan we Kazwin welaýatlarynda howanyň hapalygy sebäpli ýokary okuw jaýlarynda hem dersler onlaýn görnüşde dowam eder.

Köne ulaglaryň we motosikletleriň Tähranda howanyň hapalygynyň ýokarlamagyna sebäp bolýandygy nygtalýar.

Dünýäde hapa şäherleriň sanawynda ilkinji 3 şäheriň hatarynda ýer alýan Tähranda howanyň hapalygy sebäpli ýygy-ýygyndan okuwlara arakesme berilýär.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Howanyň Hapalanmagy Sebäpli Döwlet Edaralarynyň Işi Bes Edildi
Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Müňlerçe Adam Ýogaldy
Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
Eýranda howanyň hapalygy sebäpli mekdeplerdäki bilim onlaýn görnüşde geçiriler
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi müňýyllyklaryň mirasy atly ylmy maslahat we sergi geçirildi
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi