Eýranda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Eýranda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Şu gün, 12-nji martda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň goldawy bilen, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler hem-de Medeniýet we Yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri, şeýle hem EYR-daky Türkmen Medeniýet öýüniň müdiri Ali Rähbär, Eýranyň Medeni eserler we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi, Horezmi uniwersitetiniň edebiýat professory- Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ugrunda meşgullanýan doktor Nasser Koli Sarli, EYR-yň Mejlisiniň wekili doktor Amangylyç Şadmehr dagy gatnaşdy.

Çäräniň açylyş dabarasynda YHG-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan hem-de ilçihananyň birinji sekretar-konsuly A.Baýramow çykyş edip, olar öz çykyşlarynda 2024-nji ýyl Türkmenistanda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilendigi we şunuň bilen baglylykda ýurtda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň geçirilýändigini nygtadylar. Şeýle-de medeni çäräniň dowamynda Magtymgulyşynaslar tarapyndan türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalyp, akyldaryň gelip çykyşy hem-de döredijiligi barada bellenilip geçildi.

Çäräniň dowamynda taraplar ilçihana bilen YHG-nyň Medeniýet Institutynyň arasynda alnyp barylýan medeni we ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň ösüşiniň ýokary dinamikasy, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň, çeşmeleriniň we geljeginiň bardygyna ünsi çekildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni sergi geçirildi
'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Pekine bardy, Türkmenistanda 2023-nji ýyl üçin aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljek dalaşgärleriň sany tassyklandy, Turkish Airlines Aşgabatdaky ofisini üýtgetdi we beýleki habarlar
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy