Aýdymçy Nazir Habibow Arkadagly Serdarym atly täze albomyny çykardy

Aýdymçy Nazir Habibow Arkadagly Serdarym atly täze albomyny çykardy

Türkmenistanda giňden tanalýan aýdymçy Nazir Habibow Arkadagly Serdarym diýen at bilen täze aýdym albomyny çykardy.

Albomy taýýarlamak işleri bäş aý dowam edip, oňa 18 sany aýdym girizildi. Olaryň hatarynda birnäçe duet aýdymlary, şeýle-de eýýäm diňleýjiler köpçüligi tarapyndan söýlüp diňlenilýän День рождения we Arzuw atly aýdymlar hem bar.

Özüniň belleýşi ýaly, bu aýdymlardan aýdymçynyň aýratyn halaýany we ilkinji orunda goýany Arkadagly Serdarymyz diýen aýdymdyr. Bu aýdymda Watana, ene topraga bolan söýgi, döwlet Baştutany — Prezident Serdar Berdimuhamedowa bolan buýsanç beýan edilýär.

Nazir Habibow öz sosial media ulgamyndaky hasabynda albomy taýýarlamaga gatnaşanlara hem-de diňleýjilerine uly minnetdarlyk bildirýär.

Täze albomy ýurduň ähli ýöriteleşdirilen audio dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmen aýdymçysy Nazir Habibowyň Eýranda sud edilmegine garaşylýar
Nazir Habibow ýene-de neşe bilen saklandy
Aýdymçy Nazir Habibow Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistan barada täze aýdym döretdi
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Pekine bardy, Türkmenistanda 2023-nji ýyl üçin aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljek dalaşgärleriň sany tassyklandy, Turkish Airlines Aşgabatdaky ofisini üýtgetdi we beýleki habarlar