Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 27-nji sentýabrda Türkmenistanda ýurduň esasy milli baýramçylyklarynyň biri bolan Garaşsyzlyk güni bellenildi. Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. Agşam Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi we feýerwerk şüweleňi boldy.

2. Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar. Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy

3. Ankaranyň merkezindäki iň beýik binalaryň birinde Türkiýäniň Söwda-senagat edaralarynyň we biržalarynyň binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan bu dostlukly hereket türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezdi. 140 metr beýiklikdäki bu bina Ankaradaky iň beýik binalaryň biridir.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dürli ugurlarda ÝB bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

5. Aýdymçy Nazir Habibow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli täze şekilli aýdym çykardy.

Dünýäde

6.Amerikanyň ssenaristler gildiýasy bäş aýlyk iş taşlaýyşyny bes etmek kararyna geldiler, çünki ABŞ-nyň Kino prodýuserler we telewideniýe bileleşigi bilen deslapky ylalaşyk gazanmak başartdy.Hemmeler ssenaristleriň yzyýany bilen Golliwudyň kino aktýorlarynyň hem iş taşlaýyşlaryny bes etmeklerine we Amerikadaky film önümçiliginiň adaty tertibine gaýdyp gelmegine garaşýarlar.

Iş taşlaýyşyň sebäpleriniň striming hyzmatlary üçin kontent tölegi we emeli intellektiň ulanylmagy bilen baglanyşyklydygyny ýatladýarys.

7.WhatsApp messenjeri Android operasion ulgamynyň köne nusgalary bolan smartfonlarda işlemegini bes eder.Ykjam programma 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan başlap, diňe Android 5.0 we ondan ýokary ulgamlary bolan enjamlarda işlär.

Häzirki wagtda WhatsApp Android 4.1 we ondan soňky ulgamlar gurnalan smartfonlarda işleýär. Şeýle-de bolsa, operasion ulgamyň bu nusgalary 2014-nji ýylda çykdy we Google-y işläp düzüjiler tarapyndan uzak wagt bäri goldanylmaýar.

Sport habarlary

8.Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.Arkadag 4:1 hasabynda Altyn asyr toparyndan üstün çykdy, Merw bolsa Ahal bilen 1:1 hasabynda deňme deň oýnady.

Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň jogao duşuşyklary 20-nji oktýabrda geçiriler.Arkadagyň baş tälimçisi Begençmuhammet Kulyýew oýundan soňky söhbetdeşlikde toparynyň çykyşyndan hoşaldygyny aýtdy we Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Bu şanly günde men türkmen halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin.Hemmelere saglyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin!Futbol meýdançasyndaky ýeňişlerimiz bilen sizi begendirmäge synanyşarys diýip, Arkadagyň futbol toparynyň baş tälimçisi belledi.

9.Meksikanyň Kankun şäherinde Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) kongresi tamamlandy.Kongresde bu sport guramasynyň prezidentiniň we geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi.Bu çärä Türkmenistan tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.

Ol milli federasiýanyň adyndan ITF-iň täze ýolbaşçylygyna ses berdi.Kongresiň barşynda Türkmen Tennis federasiýasynyň soňky 4 ýylda gazanan üstünlikleri beýleki milli federasiýalar üçin üstünlikli ösüşiň mysaly hökmünde bellenilip geçildi.

Kongres işini tamamlanyndan soň, 147 ýurtdan 96 ýolbaşçynyň gatnaşmagynda wekilleriň arasynda jübütleýin tennis ýaryşy geçirildi.Onuň netijelerine görä, Türkmenistan altyn medala mynasyp boldy.Milli tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow hindistanly Aditya Kanna bilen bilelikde jemi 9 ýeňiş gazandylar.

Hususan-da, olar finalda ady rowaýata öwrülen tennisçi Mark Wudforddan üstün çykdylar.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Türkmenistanly tälimçileriň 14-si ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe boldular
Türkmenistanyň iň güýçli tennisçileri belli boldy
Türkmen tälimçileri sportuň tennis görnüşi boýunça gurnalan seminara gatnaşýarlar