Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge

Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we elektroenergetika türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

2. Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň gatnawlary üçin petekleriň satuwy ýola goýuldy. Petekleri Türkmenbaşynyň Halkara howa menziliniň kassasyndan we Türkmenistan awiakompaniýasynyň Balkanabat şäheriniň awtomenzilinde ýerleşýän satuw ofisinden satyn almak mümkindir.

3.Türkmenistanda Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.Ol ýurduň içerki awtoulag ýoluny Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirip, Demirgazyk Günorta ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň tomsunda bdalga berildi.Bu köpri agramy 40-50 tonna çenli uly ýük ulaglaryny gatnatmak üçin niýetlenendir.Taslamada 209 beton sütünde gurnalan 8 direg göz öňünde tutulýar.

Köpriniň uzynlygy 200 metrden gowrak bolar, eltiji ýollary bilen bilelikde bolsa umumy uzynlygy 2 kilometre ýeter.Gurluşyk işlerini 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

4. Türkmen zenanlarynyň el işleri ABŞ-niň Halkara ösüş agentligi tarapyndan sanly we çap edilen görnüşde neşir edilen Merkezi Aziýanyň senetçileriniň ussahanalaryna syýahat atly ýygynda girizildi. Neşirde Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 50 senetçiniň nepis el işleri ýerleşdirilipdir. Önümler olaryň gaýtalanmajak ussatlygy bilen dünýäni tanyşdyrýar, ýygyndynyň neşir edilmegi bolsa olaryň işewürligi üçin täze täjirçilik mümkinçiliklerini açýar.

Dünýäde

5.Stenford uniwersitetiniň Çagalaryň saglygy merkeziniň alymlary ene-atalaryň gan toparynyň çagalarynyň ukyplaryna täsir edip biljekdigini anykladylar.Gözlegiň netijesine görä, birinji gan toparyna eýe bolan aýallar beýlekilerden has köp zehinli çagalary dünýä inderýärler.

Olaryň çagalary, adatça, aýdym-sazda, edebiýatda we ynsanperwer ylymlarda başarnyklaryny görkezýärler.Dördünji gan toparyna eýe bolan eneleriň çagalary sportda üstünlik gazanýarlar, ikinji gan topary bolanlaryňky bolsa tankydy pikirlenmäge ýykgyn edýärler we täze tehnologiýalary işläp düzmäge hem-de programmirlemä gyzyklanma bildirýärler.

6.Kanada ulaglardan çykýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin çäreleri görýär. 2035-nji ýyldan başlap, ýurtda benzin ýa-da dizel bilen işleýän ýolagçy awtoulaglarynyň satylmagyny gadagan ediler.Olaryň ýerini elektromobiller we zarýad alýan gibrid ulaglar eýelär. Üýtgeşmeler diňe bir ýeňil awtoulaglara däl, ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglara (wnedorožnik) we pikaplara hem täsir eder.

Mundan başga-da, 2025-nji ýyldan soň gurlan ýaşaýyş jaýlary zarýad beriş stansiýalaryny ýerleşdirmek üçin goşmaça kuwwata eýe bolar.

Sport habarlary

7.Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow şol bir wagtyň özünde Aziýanyň Tennis federasiýasynyň prezidentiniň (ATF) orunbasary wezipesine saýlanyldy. Şeýle hem ol bu sebit guramasynyň direktorlar geňeşiniň agzalygyna girdi.

Direktorlar geňeşiniň agzalygyna saýlamak üçin geçirilen ses berlişikde 53 agzanyň 41-si Eziz Döwletowy goldap ses berdi.Mundan başga-da, kongressiň dowamynda Eziz Döwletowyň 2024 ― 2025-nji ýyllar aralygynda ITF-niň Masters ýaryşyny geçirmek boýunça komitetiniň agzalygyna saýlanandygy hem yglan edildi.

Bu komitet ITF-niň düzümindäki komitetleriň arasynda iň irisidir we iň abraýly tennis ýaryşlarynyň geçirilmegine jogap berýär.Bu milli federasiýalaryň 54-sini özünde jemleýän Aziýanyň Tennis federasiýasynda şeýle ýokary wezipä Türkmenistanyň wekiliniň ilkinji gezek saýlanylmagydyr.

8.Köpetdag we Gara altyn toparlary futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynyň aýgytly oýnunda oýnarlar.Finalçylary kesgitlän ýaryşyň ýarym final oýunlary düýn tamamlandy.Ilkinji oýunda Içeri işler ministrliginiň Köpetdag topary Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bolan Gümrükçi toparyny 5:3 hasabynda ýeňdi.

Ikinji duşuşykda bolsa Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Gara altyn topary 2023-nji ýyldaky Superliganyň çempiony bolan Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçi toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.Köpetdag we Gara altyn toparlarynyň toparçalaýyn tapgyrda eýýäm duşuşandyklaryny bellemk gerek. Şol duşuşyk 4:4 hasabynda tamamlanypdy.

9. Arkadag toparynyň futbolçylary şu gün Aşgabatda Ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistan çempionatynyň çäklerindäki jemleýji duşuşygyny geçirerler. Wladimir Baýramowyň topary eýýäm 3-nji dekabrda altyn medallary gazandy, emma Köpetdag bolsa sanawda bäşinji ýer ugrunda göreşýär. Şol gün Türkmenbaşy şäherinde Şagadam bilen Altyn asyr toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler. Şagadam üçin ýedinji orunda barýan Energetikden öňe geçmek mümkinçiligi bardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly tälimçileriň 14-si ITF Level 1 halkara şahadatnamasyna eýe boldular
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar
BMG Kahramanmaraş Ýer Titremesinden Soň Iň Uly Halkara Gözleg-Halas Ediş Operasiýasyny Gurady
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2021-nji ýyly üstünlikli jemledi
Tennis boýunça halkara federasiýalaryň wekilleri Aşgabada geler
Wengriýanyň premýer-ministri Aşgabada geldi, Türkmenistan we Päkistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar, Türkmen wekiliýeti Kazandaky Geljegi şekillendirmek forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar