Türkmen aýdymçysy Nazir Habibowyň Eýranda sud edilmegine garaşylýar

Türkmen aýdymçysy Nazir Habibowyň Eýranda sud edilmegine garaşylýar

Aýdymçy Nazir Habibow, ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda däl-de, Eýranda tussaglykda oturan bolsa gerek.Meşhur türkmen aýdymçysynyň neşe maddasyny saklaýandygyna şübhelenip, eýran-türkmen serhedinde saklanandygy barada, Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň, özüni tanatmak islemedik bir adam biziň bilen habarlaşyp, Habibowyň Eýranda tussaglykda oturandygyny we ol ýerde kazyýet derňewine garaşýandygyny aýtdy.

Bu wersiýa sosial ulgamlarda hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.Muny 31-nji martda aýdymçynyň aýaly Margarita Habibowa hem gytaklaýyn tassyk etdi.

35 ýaşly Nazir Habibowyň saklanandygy şu ýylyň 27-nji martynda mälim boldy. Işiň barlanyşyna gatnaşygy bolmadyk Azatlygyň kanun goraýjy edaralardaky çeşmesi belli aýdymçysynyň Türkmenistana gaýdyp gelýärkä, 23-nji martda eýran-türkmen serhedinde saklanandygyny tassyk edipdi.

Bu maglumat ýaýrandan soň dessine, 27-nji martda, özüniň kimdigini anyklamakdan ýüz öwren, ýöne Habibowyň maşgalasyny tanaýan adam Azatlyk bilen habarlaşyp, dogrudan-da, aýdymçynyň 20 gram heroin bilen saklanandygyny aýtdy.

Onuň ýanyndan 20 gramdan gowrak heroin tapylandygy we ony ulanýandygy üçin tutuldy. Ol Türkmenistanda däl-de, Eýranda saklandy. Häzir ol Eýranda tussaglykda kazyýete garaşýar. Kazyýet diňlenişi şu gün geçiriler diýip, Azatlyk bilen habarlaşan adam 27-nji martda ýazdy.

Eýranda bolmagy çak edilýän Habibowyň kazyýet diňlenişiginyň bolup-bolmandygyny Azatlyk entek anyklap bilmedi.

Ýöne geçen hepdäniň dowamynda, sosial ulgamlar Habibowyň hakykatdan-da Eýranda saklanandygy baradaky çaklamany ara alyp maslahatlaşdylar.

31-nji martda bu çaklamany aýdymçynyň aýaly Margarita Habibowa hem gytaklaýyn tassyklady hem has gowy tanalýan ýanýoldaşynyň Instagram sahypasynda, wideo ýüzlenme ýerleşdirdi.

Ýedi minut töweregi dowam edýän wideo Eýranyň bir ýerinde, belent jaýyň eýwanyndan alnan ýaly görünýär we ol esasan prezident Serdar Berdimuhamedowy we kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp etmäge bagyşlanýar. Onda Nazirita ýanýoldaşy bilen bagly ýagdaýy "maşgala aladasy" diýip atlandyrýar hem-de oňa "bulaşyklyk" diýýär, şeýle hem ol "ähli zadyň kadaly boljakdygyna" umyt edýändigini beýan edýär.

Nazirita soraglaryň birine jogap berip: "Salam, men ärimiň işi boýunça Eýrana geldim" diýip ýazypdyr.

Nazirita Berdimuhamedowlar maşgalasyna köp öwgünden başga-da, Türkmenistan döwletiniň kanun goraýjy edaralaryna-da minnetdarlyk bildirýär.

Margarita Habibowa: Gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çekýän, gözüni ýummaýan we elini gowşurman, hakykatdan-da ýurdumyzy goraýan biziň gulluk edaralarymyza ägirt uly sagbolsun aýdýaryn diýýär. Şeýle hem ol “biz barada başga ýurtlardan erbet zatlar ýazýanlardan” çap etmezligi we “öz çaklamalaryny” bes etmegini talap edýär. Onuň pikiriçe, bular Türkmenistanyň içindäki "içalylaryň" "ýalan" maglumatlaryna esaslanýar.

Habibowyň 1-nji aprelden, Eýranda tussaglykda saklanýandygy barada, turkmen.news neşiri habar berdi we Eýranda neşe söwdasynyň ölüm jezasyna höküm edilip bilinjekdigini ýatlatdy.

Eýranlylaryň daşary ýurtly adamy jezalandyrmagy mümkin bolmasa gerek, her nähili-de bolsa, Naziriň ýagdaýynda gowulyga umyt örän az. Türkmen häkimiýetleri öz ýurdunda soraga çekmek üçin, onuň ekstradisiýa edilmegini gazansa gerek diýip, türkmen.news neşiri öz çeşmesiniň sözlerini getirýär.

Telegram-kanal neşirinde hem Habibowyň tussag edilmegi bilen baglydygy çaklanýan birnäçe surat çap edildi. Suratlaryň birinde ýüzi örtülen iki adam görkezilýär. turkmen.news’iň maglumatyna görä, onuň biri Habibowyň özi bolmaly, beýlekisi hem onuň sazandasy, bu Eýranda saklanan wagtyndaky pursat bolsa gerek diýlip çaklanýar.

Ýatlatsak, Habibow eýýäm narkotik maddalary saklamakda we satmakda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda, Nazir Habibow we ýene-de on adamyň Türkmen döwlet telewideniýesinde, eden etmişine toba edýändigi görkezildi. Telewideniýedäki tobasynda Habibow "neşe maddalaryny gaýta-gaýta ulanandygyny" boýun aldy. Soňra ol 12 ýyl (beýleki bir maglumata görä 15 ýyl) azatlykdan mahrum edildi.

Nazir Habibow 2022-nji ýylda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli yglan edilen amnistiýanyň çäginde azatlyga çykdy. Ýogsa ondan öň neşe söwdasynda aýyplanan adamlaryň amnistiýa düşýäni belli däldi. Mundan öň, 2019-njy ýylda, Türkmenistan neşe söwdasy bilen bagly jenaýat eden adamlaryň günäsiniň geçilmegine degişli kanuna düzediş girizip, olaryň amnistiýa düşmegi gadagan edilipdi.

Geň tarapy, türmeden boşadylandan soň, Nazir Habibowyň ýurduň daşyna arkaýyn syýahat edip bilmegidir, ýogsa Türkmenistanda türmeden boşadylanlar köp hukukdan mahrum edilýär, şol sanda olara daşary ýurtlara gitmek gadagan edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Nazir Habibow ýene-de neşe bilen saklandy
Aýdymçy Nazir Habibow Arkadagly Serdarym atly täze albomyny çykardy
Aýdymçy Nazir Habibow Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistan barada täze aýdym döretdi
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi