Nazir Habibow ýene-de neşe bilen saklandy

Nazir Habibow ýene-de neşe bilen saklandy

Aýdymçy Nazir Habibow ýanyndan neşe serişdeleriniň tapylandygy üçin, ýene-de saklandy. Birnäçe gün mundan öň, Eýrandan gaýdyp gelýärkä tutulypdyr. “Howdan-Bajgeran” serhet gözegçilik nokadynda geçirilen barlag mahalynda, onuň şahsy goşlaryndan, az mukdarda narkotik madda tapylypdyr. Men onuň nähili neşe serişdesidigini aýdyp biljek däl diýip, çeşme Azatlygyň habarçysyna mälim edýär.

Şeýle-de, ol Habibowa garşy jenaýat işiniň açylandygyny anyklap bilmeýär, emma onuň maglumatyna görä, aýdymçy tussag astyna alnypdyr.

Men onuň diňe Içeri işler ministrliginiň şäher bölüminiň deslapky tussaglyk merkezinde bolýandygyny bilýärin diýip, çeşme tassyklaýar.

Türkmenistanly meşhur aýdymçynyň tussag edilendigi barada, turkmen.news neşiri hem habar berýär. Ýöne neşiriň maglumatyna görä, Habibow neşe serişdelerini saklaýandygy üçin däl-de, ony ulanýandygy üçin saklanypdyr.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Habibow Eýran bilen Türkmenistanyň serhedinde saklanypdyr. Şol ýerde ýaňy-ýakynlara çenli käbir adamlary saýlap, bedenindäki narkotik serişdeler boýunça barlag geçirýärdiler. Şeýle etmek bilen Türkmenistanyň häkimiýetleri "neşe syýahatçylygynyň" öňüni almaga synanyşýardy. Türkmenler ozal şeýle maksat bilen köplenç Eýrana gidýärdilerdiýip, turkmen.news ýazýar.

Ýatladyp geçsek, Habibow eýýäm narkotik maddalary saklamakda we satmakda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2016-njy ýylyň oktýabrynda Nazir Habibow we ýene-de on adamyň Türkmen döwlet telewideniýesinde, eden etmişine toba edýändigi görkezildi. Telewideniýedäki tobasynda Habibow "neşe maddalaryny gaýta-gaýta ulanandygyny" boýun aldy. Soňra ol 12 ýyl (beýleki bir maglumata görä 15 ýyl) azatlykdan mahrum edildi.

Nazir Habibow 2022-nji ýylda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli yglan edilen amnistiýanyň çäginde azatlyga çykdy. Ýogsa ondan öň neşe söwdasynda aýyplanan adamlaryň amnistiýa düşýäni belli däldi. Mundan ötri-de, 2019-njy ýylda Türkmenistan neşe söwdasy bilen bagly jenaýat eden adamlaryň günäsiniň geçilmegine degişli kanuna düzediş girizip, olaryň amnistiýa düşmegi gadagan edilipdi.

Prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe, Türkmenistan neşe söwdasy weony ulanmak bilen bagly agyr ýagdaýa düşdi. 2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, häkimiýetler neşe serişdelerine garşy çynlakaý göreşe başladylar.Olar kynçylyklara doly hötde gelip bilmeseler-de, munuň öňüni almaga çalyşýarlar.

Emma soňky ýyllarda ýagdaý ýene-de ýitileşip başlady. Ýaşlaryň arasynda, dermanhanalarda tapdyrýan güýçli psihotrop neşe serişdeleriniň ulanylmagy giňden ýaýraýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, "farmakologiki neşekeşlik" diýilýäni ýurtda sosial-ykdysady kynçylyklaryň agyrlaşmagy bilen hem baglanyşyklydyr.

Şol bir wagtda, goňşy ýurtlarda neşe söwdasy bilen bagly kynçylyk häzire çenli-de bar. 2022-nji ýylyň fewralynda, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň Eýrandan gelýän neşe akymyny togtatmak boýunça iş alyp barandygyny habar berdi.

Neşe söwdasyny ýöredýänler bilen hatda Gökdepe şäheriniň golaýynda, atyşyk bolandygyny-da mälim edipdi. Şol gezekde onlarça adam, şol sanda Türkmenistanyň kanun goraýjy gulluklarynyň işgärleri hem tussag edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly g

Ýene degişli makalalar

Türkmen aýdymçysy Nazir Habibowyň Eýranda sud edilmegine garaşylýar
Aýdymçy Nazir Habibow Arkadagly Serdarym atly täze albomyny çykardy
Aýdymçy Nazir Habibow Kuwwat Çarygulyýew bilen Türkmenistan barada täze aýdym döretdi
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Minnihanow Tatarystanyň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, Ankaradaky belent binada türkmen baýdagy şekillendirildi we beýleki habarlar
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi